Sepleriň elýeterliligi

Ýokary bilimliler iki ýyl gulluk ederler


Watan öňündäki hökmany harby borç ýokary bilimliler üçin häzire çenli diňe bir ýyl möhlet bilen çäklenýärdi.

Watan öňündäki hökmany harby borç ýokary bilimliler üçin häzire çenli diňe bir ýyl möhlet bilen çäklenýärdi.

Türkmenistanda gulluk ýaşyndaky ýokary bilimli raýatlar, şu güýzki harby çagyrylyşdan başlap, iki ýyl gulluk ederler. Bu baradaky maglumaty paýtagtyň harby wekilliginde tassyklap, degişli buýrugyň hem eýýäm gelip gowşandygyny mälim etdiler.

Türkmenistanda ýokary bilimi bolmadyk ýaş ýigitler harby goşunda iki ýyl gulluk etseler-de, Watan öňündäki hökmany harby borç ýokary bilimliler üçin häzire çenli diňe bir ýyl möhlet bilen çäklenýärdi. Ýokary bilimlileriň gulluk möhleti G.Berdimuhamedowyň döwründe azaldylyp, bir ýyla getirildi, ýogsa ol ozal S.Nyýazowyň döwründe 1 ýyl 6 aýdy.

Bu düzgün 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” kanunynyň 35-nji maddasynda görkezilýär. Häzirki wagtda bu kanuna hökmany harby gulluk möhletiniň üýtgedilendigi hakynda düzediş girizilmändir, şeýle düzedişiň girizilendigi barada ilata elýeterli bolan maglumat hem ýok.

Düşündiriş ýok

Ýokary bilimlileriň Watan öňündäki hökmany harby gulluk borjunyň möhletiniň iki ýyla ýetirilýändigi barada köpçülikleýin habar serişdelerinde häzire çenli resmi maglumat berlenok. Şeýle-de bu düzgüniň girizilmeginiň sebäpleri barada hem maglumat ýok. Paýtagtyň harby wekilliginden hem bu barada degişli düşündiriş alyp bolmady.

Täze giriziljek düzgün barada gulluk ýaşyndaky ýokary bilimli raýatlara mundan ozal resmi taýdan duýduryş ýa-da habar berilmändir. Emma munuň şeýle bolmagynyň ähtimaldygyny aýdypdyrlar. Özi-de indiki ýylyň ýazky çagyrylyş möwsüminden başlap, ýokary bilimlileriň harby goşunda iki ýyl gulluk edip başaljakdygy aýdylypdyr.

Adatça, ýokary bilimi bolan esgerleriň aglabasy gulluk döwrüniň başdaky üç aýynda seržantlary taýýarlaýan ýörite okuw-hünärmentçilik harby bölümlerine ugradylýar. Olaryň harby wekilliklerde, harby bölümlerde hatda ýurduň Goranmak ministrliginiň özünde kompýuterçi, terjimeçi ýaly wezipelerde gulluk edýänleri hem az däl.

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýyl ýokary okuw jaýy we harby gulluk bilen bagly üýtgetmeleriň ýene-de biri girizlipdi. Ýaňy-ýakynda ýurduň käbir ýokary okuw jaýlarynyň harby kafedralary ýapyldy. Hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki we S.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetindäki harby kafedralar ýapyldy.

Türkmenistanyň konstitusiýasynyň 41-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir. Türkmenistanda harby gulluga 18-30 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar çagyrylýar. Şeýle-de her bir raýat, öz islegi boýunça, 17 ýaşdan başlap hem harby goşunda gulluk edip bilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG