Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokary bilim we gulluk: Kim näme pikirde?


Mundan beýläk ýokary bilimliler hem 2 ýyl gulluk ederler
Mundan beýläk ýokary bilimliler hem 2 ýyl gulluk ederler

Türkmenistanda Ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlaryň Watan öňündäki harby gulluk borçlarynyň möhletiniň bir ýyldan iki ýyla çykarylmagy hökmany harby gulluk boýunça ýurtda soňky ýyllarda kabul edilen kararlardan diňe biri.

Aşgabadyň harby wekilliginiň harby gulluga çagyryş bölüminden Azatlyk Radiosyna berlen maglumatda degişli kararyň ýazmaça görnüşiniň şu gün özlerine gelip gowşandygy we onuň şu ýyldan başlap işe girizilýändigi aýdylýar.

Bu kararyň sebäpleri hakda hiç hili maglumat ýok, häzirki wagta çenli halk köpçüligine resmi taýdan hiç hili düşündiriş hem berlenok. Emma habar Azatlyk Radiosynyň sahypasynda peýda bolan badyna ol ýaşlaryň arasynda uly seslenme döretdi.

Garaýyşlar

Özüni Myrat diýip tanadan bir okuwçy bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Bu karar meni gaty oýlandyrdy. Dört-bäş ýyl, gidip okuw okaýaň, adamyň ömründen gidýär, bilýäňizmi. Okuw wagtyna sarp eden wagtlaryň, aladalaryň peýdasy bolmaz. Onsoň gulluk diýip iki-ýyl äkitmekleri gaty ýalňyş, okuwy gutaranda, adamlaryň kellelerinde düşünjeleri bolýar, etsem-diýsemleri bolýar. Öz maksatlaryna ugrukmak üçin mümkinçilik döretmek we olaryň kellelerini bulaşdyrmazlyk üçin men gulluk möhletiniň bir ýyldan alty aýa kemeldilmegini islärdim, olaryň häzirki eden işi adamlaryň maksatlaryna ters gelýär”.

Bu baradaky habar, Azatlyk Radiosynyň Facebook sahypasynyň okyjylarynyň arasynda hem uly gyzyklanma döretdi. Özüni Maksat Atanazarow diýip tanadan bir okyjymyz “öňki bir ýylam az däldi, indi iki ýyl edilipdir Nirede bar-how munuň ýaly gulluk?!” diýip, biziň Facebook sahypamyzda öz pikirini ýazypdyr.

Maryda arassaçylyk işlerine çekilen esgerler
Maryda arassaçylyk işlerine çekilen esgerler

Ýazylýan pikirlerde diňe harby gullugyň möhletiniň uzaldylmagy däl, gullukdaky şertlere ünsi çekenler hem bar. Şeýle okyjylarymyzdan biri Bahar. Ol öz teswirinde Türkmenistandaky hökmany harby gullugyň hili we mazmuny barada kinaýaly tankydy bellikleri ýazýar: “Ol gullukmy? Ol ýer çagalar bagyna meňzeýär. Olar gulluk etmäge däl, pagta, bugdaý ýygmaga alnyp gidilýär. Oglanlaryň elinden pil, lopatka, kätmen düşmeýär, olaryň bir wagtlar rus döwründe elleri ýaragly bolardy”.

Harby gulluk we bu hökmany borç baradaky düzgünler Türkmenistanda wagtal-wagtal uýtgäp dur. Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow harby gullugy 1 ýyl 6 aýa çenli azaltdy.

Nyýazow aradan çykansoň häkimiýet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda bu möhleti barha gysgaldyp, ony bir ýyla getirdi. Onuň bilen hem çäklenmän, käbir ýokary okuw jaýlarynyň ýanynda harby kafedralary açdy we şol okuwlary tamamlan ýaşlar Watan öňündäki hökmany harby gullukdan boşadyldy.

Emma soňky aýlaryň dowamynda bu kafedralar gaýtadan ýapylyp, indi ýokary okuw jaýyny tamamlan ýaşlaryň ählisiniň iki ýyyl nöhlet bilen hökmany harby gulluga alynmalydygy barada karar çykaryldy.

Serhet

Iň soňky kararlaryň sebäpleri hakda hiç hili maglumat ýok, emma onuň Türkmenistan bilen 744 kilometr serhet araçägi bolan Owganystandan daşary ýurt harbylarynyň çykmaga taýýarlanýan wagtyna gabat geldi.

Şeýle-de şu ýylyň dowamynda Owganystandaky söweşijiler Türkmenistanyň serhedinden geçip, 6 sany türkmen serhetçisini atyp öldürdiler. Şol wakadan soň Türkmenistan öz serhediniň goragyny güýçlendirip, Owganystan bilen aradaky serhedine sim çekip, garym gazyp başlapdyr diýen habarlar gelip gowuşýar.

Elbetde, harby gullugyň möhletiniň uzaldylmagy baradaky bu kararyň, serhetdäki ýagdaýlar bilen näderejede ilteşiklidigini aýtmak kyn. Emma Türkmenistanyň hökümeti bu barada halk köpçüligine hiç hili düşündiriş bermän gelýär.

Bu hem adamlaryň arasynda näbellilik duýgularyny döredýär. Bu ýagdaýy biziň Facebook sahypamyzda degişli ýazgy galdyran we özüni Guzelýa Nazarowa diýip tanadan okyjymyz şeýle suratlandyrýar: “Her gün üýtgeşik kanunlar çykarylýar. Azatlyk Radiosy size ýüzlenýärin, bize gowy habar beriň”.

XS
SM
MD
LG