Sepleriň elýeterliligi

"Dollarçy" söwdagärler "awlanýar"


"Dollarçy" söwdegär

"Dollarçy" söwdegär

Aşgabadyň Parahat mikroraýonyndaky “Paýtagt” bazarynda mundan iki hepde ozal hem “dollar gerekmi?”, “dollar satýaňmy?” diýen soraglar bilen öňüňden çykýan “dollarçy” daýzalar indi juda seýrek, olara hatda duş gelmek mümkinem däl.

13-nji noýabrda Türkmen telewideniýesiniň “Watan” programmasynyň “il arasynda milli manadyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly dowluň ýaýramagyna sebäp bolýanlaryň bardygy” we “hukuk goraýjy organlaryň birnäçe adamyny ele salandyklary” baradaky reportažyndan soň dollar “gara bazarynyň” dollarçylary hem ýitirim boldular.

Paýtagtyň Parahat mikroraýonynyň “Paýtagt” bazarynda häzir ýekeje-de dollar satýan “dollarçy” ýok. Häkimiýetler dollar "gara bazarynyň" "dollarçylaryny" bu bazardaky durýan ýerlerinden kowupdyrlar. Ýogsa, häzirki wagta çenli bazaryň her derwezesinde diýen ýaly olary görmek bolýardy.

Paýtagtyň beýleki bazarlarynda hem ýagdaý şeýle. Il içinde “Ors bazar” ady bilen tanalýan “Gülüstan” söwda merkezindäki, “Teke bazaryndaky” “dollarçylar” hem häzir özleriniň adaty bolýan ýerlerinde görnenoklar.

Duýduryş

“Dollarçylaryň” aýtmaklaryna görä, olaryň käbirlerini polisiýa işgärleri “ýygnap”, bikanun walýuta satmakda hem aýyplapdyrlar. Özüni Gözel diýip tanadan “dollarçylaryň” biriniň aýtmagyna görä, bu gezek polisiýa işgärleri tarapyndan “dollarçylaryň” ählisine dollar satmazlyk barada duýduryş berlipdir.

“Kim gulak asmasa, basarys diýdiler” diýip, Gözel gürrüň berýär.

Ýeri gelende aýtsak, mundan ozal “gara bazaryň” dollarçylarynyň adyny tutýan hem ýok diýen ýalydy. Olaryň özleriniň aýtmaklaryna görä, öňler käwagt polisiýa işgärleri ýörite reýd geçiräýmese, olara işlemäge päsgel bermeýän ekenler.

Gytçylyk

Şol wagtlar “dollarçylarda” milli manadyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygy hem resmi alyş-çalyş nokatlarynyňkydan o diýen tapawutly däldi. “Dollarçylaram” dollary resmi kurs boýunça alyp-satýardylar. Emma bir-iki aý mundan ozal dollar gytçylygy döränsoň, häkimiýetleriň “dollarçylara” bolan garaýyşlary hem üýtgedi.

Mälim bolşy ýaly, dollar gytçylygynyň öňüni almak üçin häkimiýetler resmi işleýän walýuta alyş-çalyş nokatlarynda adam başyna berilýän walýutanyň möçberini çäklendirip, walýutany propiska boýunça berip başladylar.

Ýöne dollar “gara bazarynda” bu hili çäklendirmeler ýokdy. “Gara bazarda” çäklendirmesizden, islän möçberiňde diýen ýaly walýutany satyn alyp bolýardy. Elbetde, “gara bazaryň” bu ýeňillikleri üçin dollary resmi alyş-çalyş nokatlaryndan birneme gymmadrak satyn almaly bolýardy. Resmi derejede 1 dollar 2,86 manatlygyna saklanýan bolsa, “gara bazarda” ol 3 manada ýetdi.

Gözeliň sözlerinden çen tutsaň, onda häkimiýetleriň “dollarçylara garşy yglan eden aw çärelerine” garamazdan, “dollarçylardan” dollary satyn alyp bolýar.

“Dollar satýanlar öýlerinde dollar satýarlar. Olaryň müşderileri jaňlaşyp, olaryň öýlerine baryp çalyşýarlar” diýip, Gözel aýdýar.

Emma “dollarçylaryň” bu hyzmatlaryndan, esasan, uly möçberde walýuta satyn alýan müşderileriň peýdalanýandygyny hem “dollarçy” Gözel sözünüň üstüne goşýar.

Ýurtda ABŞ-nyň dollarynyň söwdasynyň çäklendirilmegi netijesinde kemala gelen dollar “gara bazary” ozalky prezident S.Nyýazow döwründe döräpdi. Mälim bolşy ýaly, şol döwürde resmi alyş-çalyş nokatlarynda dollar satylmansoň, dollar “gara bazary” döräp, ondaky dollaryň kursy resmi taýdan kesgitlenen kursdan dört essä golaý ýokarydy.

Emma 2008-nji ýylda dollaryň berkidilen kursy hereket edip başlady. Şondan soň ýurt boýunça döwlete degişli hem-de kommersiýa banklarynyň resmileşdirilen alyş-çalyş nokatlary açylyp, dollar “gara bazaryna” bolan mätäçlik görnetin peseldi. Dollar satýan “dollarçylaryň” sany hem görnetin azaldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG