Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Britan ulagyna hüjüm edildi


Owgan hoowpsuzlyk güýçleri partlamanyň bolan ýerini derňeýär. 27-nji noýabr, 2014 ý.
Owgan hoowpsuzlyk güýçleri partlamanyň bolan ýerini derňeýär. 27-nji noýabr, 2014 ý.

Owganystanyň resmileri owgan paýtagtynda motosikliň üstündäki janyndan geçen hüjümçiniň britan ilçihanasynyň ulagyna hüjüm edendigini habar berýärler. 27-nji noýabrda amala aşyrylan bu hüjümde parahat ilatdan azyndan dört adam öldi.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Sedik Sedikiniň berýän maglumatyna görä, güýçli bolan partlamanyň netijesinde ýoldan geçip barýan 33 adam ýaralanypdyr, şeýle-de üç awtoulaga zeper ýetipdir.

Polisiýanyň we keselhananyň resmileri wakada ýaralananlaryň arasynda birnäçe çaganyň hem bardygyny habar berýärler.

Britan ilçihanasynyň metbugat sözçüsi hüjümiň amala aşyrylandygyny tassyklady we wakada ulagdaky birnäçe adamyň ýaralanandygyny belledi. Emma ilçihana bu barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG