Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Protestçiler döwletiň jaýyna girdi


Birleşen Ştatlarda garaýagyz ýaragsyz ýetginjegi atyp öldüren akýagyz polisiýa ofiserini jezalandyrmazlyk barada Ýokary žuriniň çykaran kararyna garşy gahar-gazaplar dowam edýän mahaly, birnäçe demonstrant Sent-Louis şäher häkimliginiň binasyna girdi.

Polisiýa Darren Wilsonyň sud diňlenişigi döwründe birnäçe protestçiniň tusag edilendigini mälim etdi. Wilson awgust aýynda Ferguson şäheriniň golaýynda 18 ýaşyndaky Maýkl Brauny atyp öldüripdi.

Sent-Louis şäher häkimliginiň jaýyna 100-den gowrak goşmaça polisiýa ofiserleri çagyryldy we bina resmiler tarapyndan gulplanyldy.

Missouri ştatynyň gubernatory Jeý Nikson (Jay Nixon) Ferguson şäherinde we onuň töwereginde Milli gwardiýanyň 2 müň 200-den gowrak esgerini ýerleşdirdi.

XS
SM
MD
LG