Sepleriň elýeterliligi

D.Koreýa: Lideriň gyz dogany resmi wezipe eýeleýär


Demirgazyk Koreýanyň döwlet metbugaty ýurduň lideri Kim Jong-unyň gyz doganyny ilkinji gezek häkimiýetdäki “Işçiler” partiýasynyň ýokary derejeli resmisi diýip mälim etdi.

27-nji noýabrda Demirgazyk Koreýanyň döwlet metbugaty Kim Ýo-Jonga “Işçiler” partiýasynyň düzümindäki Merkezi komitetde departamentiň wise-direktory diýip salgylandy.

Ýaşy otuza golaýlap barýan Kim Ýo-Jong ilkinji gezek 2011-nji ýylda kakasy Kim Jong-Iliň jaýlanyş merasymynda köpçülikde görnüpdi. Şondan bäri onuň öz erkek dogany bilen wagtal-wagtal syýasy çärelere gatnaşýandygy görünýär.

Analitikler bu çäreleriň Kim Ýo-Jongyň öz erkek doganynyň awtoritar dolandyryşyny goldaýandygy barada rolunyň artýandygyny alamatlandyryp biler diýýärler.

XS
SM
MD
LG