Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Gepleşikleriň uzamagyna garşy däl


Eýranyň baş ruhy lideri Aýatollah Ali Hameneýi Eýran bilen dnüýäniň iň kuwwatly alty döwletiniň arasyndaky ýadro gepleşikleriň möhletiniň uzaldylmagyna garşy däldigini mälim etdi.

27-nji noýabrda Hameneýä salgylanyp, onuň resmi websahypasynda: “Men gepleşiklere garşy däldim. Şol bir wagtyň özünde onuň möhletiniň uzaldylmagyna hem garşy däl” diýlip maglumat çap edildi.

Şeýle-de, Hameneýi ýadro gepleşikleri başa barmasa, bu ýagdaýda şowsuzlyga uçrajak tarap Eýran däl-de, Birleşen Ştatlaryň özi bolar diýdi.

24-nji noýabrda Eýran we Birleşen Ştatlar, Fransiýa, Germaniýa, Britaniýa we Russiýa Tähranyň ýadro programmasy boýunça ylalaşyk baglaşmakda şowsuz bolupdylar.

XS
SM
MD
LG