Sepleriň elýeterliligi

logo-print

"Suwuklandyrylan gaz göni satyn alnar"


Gazgeçiriji.

Gazgeçiriji.

Owganystan Türkmenistandan ýene 100 müň tonna suwuklandyrylan gaz satyn alýar. Mundan birnäçe aý öň Owganystanyň nebit agentliginiň resmisi Türkmenistandan import edilýän ýangyjyň käbir telekeçiler tarapyndan emeli gymmatladylýandygyny aýdyp, bu ýagdaýyň ýerli bazara ýaramaz täsir ýetirýändigini we Türkmenistandan amatly bahadan iberilýän gazyň halka gymmat düşýändigini belläpdi.

Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin Owganystanyň Nebit-gaz boýunça edarasy Türkmenistandan tebigy gaz satyn alýar, diýip Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň metbugat sözçüsi Musafyr Kukandy Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda belledi.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady maglumat berýär.

XS
SM
MD
LG