Sepleriň elýeterliligi

Müsür protestlere taýýarlyk görýär


Müsüriň hökümet resmileri ýurduň armiýasynyň ýokary derejeli ofiseriniň öldürilendigini habar berýärler. Maglumatda bu wakanyň howpsuzlyk güýçleri ýurtda geçirilmegi planlaşdyrylan hökümete garşy ýörişleriň öň ýanynda, 100-den gowrak yslamçyny tussag eden mahaly bolandygy bellenilýär.

Resmileriň berýän maglumatynda 28-nji noýabrda nämälim hüjümçiniň ulagdan ot açmagy netijesinde gürrüňi gidýän ofiseriň öldürilendigi, başga-da iki sanysynyň ýaralanandygy mälim edilýär.

28-nji noýabrda Müsürde döwleti agdarmaklyga çagyryş edýän yslamçy protestleri geçirmeklik planlaşdyrylýar. Şol bir wagtyň özünde howpsuzlyk güýçleri ýurtda amala aşyryljak islendik durnuksyzlyga garşy “öldüriji howply güýç” bilen gaýtawul beriljekdigine wada berýärler.

“AP” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, müsürlileriň köpüsi ýurtda bomba ýa-da beýleki hüjümleriň bolup biljekdigine aladalanma bildirip, öz üýşmeleňlerini soňa goýýarlar. Şol bir wagtyň özünde olar öýlerinden çykman, jemgyýetçilik transportynda syýahat etmekden gaça durýarlar.

XS
SM
MD
LG