Sepleriň elýeterliligi

Baku: Žurnalist gysga wagtlaýyn tussag edildi


Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy gysga wagtlaýyn tussag edilip, polisiýa tarapyndan soraga çekildi we oňa “hökümeti tankyt etmezlik” barada duýduryş berildi.

Turhan Karimow özüniň 28-nji noýabrda adaty raýat eşigindäki polisiýa ofiserleri tarapyndan saklanyp, awtoulaga zor bilen mündirilendigini we polisiýa merkezine alnyp gidilendigini aýtdy.

Karimow Bakuwyň Narimanow etrap polisiýa edarasynda birnäçe sagat soraga çekilenden soň, azatlyga goýberilendigini sözüniň üstüne goşdy.

Habarçynyň maglumatyna görä, ondan öz işi we aýlyk haky, şeýle-de tanymal žurnalist Hatyja Ismaýilowa barada soraglar soralypdyr.

Bakuwyň hökümeti žurnalistlere, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistlere we syýasy garşydaşlara garşy edýän basyşlary sebäpli eýýäm uzak wagtdan bäri tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG