Sepleriň elýeterliligi

Hindi resmisi alnyp gaçylan işçileriň diridigine ynanýar


Hindistanyň hökümeti “Yslam döwleti” atly topar tarapyndan alnyp gaçylan 39 sany hindi işçisiniň öldürilendigi barada öňe sürmelere garamazdan, olaryň diridigine ynanýandygyny aýtdy. Gürrüňi gidýän işçiler iýun aýynda Yrakda alnyp gaçylypdy.

28-nji noýabrda Hindistanyň daşary işler ministri Suşma Swaraj hindi parlamentine beren maglumatynda Mosulda alnyp gaçylan işçileriň öldürilendigini görkezýän hiç hili deliliň ýokdugyny aýdyp, hökümet olaryň ýerleşýän ýerini kesgitlemek dogrusynda tagallalaryny dowam etdirýär diýdi.

27-nji noýabrda hindi telewideniýesinde görkezilen interwýuda hindistanly raýat özüniň alnyp gaçylan topardan gaçmagy başarandygyny öňe sürüp, beýleki işçileriň tokaýa alnyp gidilip, şol ýerde atylyp öldürilendigini aýtdy.

Swaraj hindi raýatynyň “öňe sürmelerinde gapma-garşylyklaryň bardygyny” aýdyp, ony ret etdi.

Yrakda 10 müň çemesi hindi raýaty ýaşaýar we işleýär.

XS
SM
MD
LG