Sepleriň elýeterliligi

“Sosial meselelere üns berilmeýär”


Türkmenistanda abat däl ýollaryň biri.

Türkmenistanda abat däl ýollaryň biri.

Soňky ýyllarda, hususanda soňky aýlarda Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda döwlet tarapyndan ýaşaýjylara mellek ýerleri paýlanyp berildi. Şol bir wagtyň özünde maglumatlarda hödürlenýän ýa-da paýlan şol mellek ýerleriniň käbirleriniň gumuň içinden berilýändigi aýdylýar.

Ýerli ýaşaýjylar bolsa, gumuň içindäki mellek ýerlerinde ýaşaýyş durmuş we ekerançylyk üçin şertleriň o diýen amatly däldigini belleýärler.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Azalow daýhan birleşiginden özüni Sähragül diýip tanyşdyran öý hojalykçy zenan paýlanyp berlen şol mellek ýerlerindäki sosial problemalara resmiler tarapyndan ýeterlik derejede üns berilmeýändigini aýdyp, bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG