Sepleriň elýeterliligi

Zarbalar "YD"-ny 'gowşatmady'


Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem

Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem

Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem ýurtda iki aý bäri ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda “Yslam döwleti” toparyna garşy alnyp barylýan howa hüjümleriniň söweşijileri gowşadyp bilmändigini aýdýar.

Liwanyň telewideniýesine beren interwýusynda Moallem Türkiýe öz serhedine gözegçiligi berkidip, Siriýa daşary ýurtly söweşijileriň geçmeginiň öňüni almaýança “Yslam döwleti” toparynyň kuwwadyny peseldip bolmajakdygyny aýtdy.

Häzirki wagt “Yslam döwleti” atly ýaragly topar Siriýanyň we goňşy Yragyň uly territoriýalaryny öz gözegçiliginde saklaýar.

Siriýa bilen 900 km serhet araçägi bolan Türkiýe özüniň “Yslam döwleti” toparyna hemaýat berýändigi baradaky aýyplamalary inkär edip gelýär.

ABŞ we onuň ýaranlary sentýabr aýyndan bäri “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerine garşy howa zarbalaryny amala aşyrýarlar.

XS
SM
MD
LG