Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nigeriýada metjide hüjüm edildi


Hüjümiň netijesinde onlarça adam öldi
Hüjümiň netijesinde onlarça adam öldi

Nigeriýadaky metjitleriň birinde amala aşyrylan ýarag we bomba hüjümleriniň netijesinde azyndan 35 adam öldi we başga-da köp sanly adam ýaralandy.

Gowuşýan maglumatlarda Kano şäherinde juma namyzy okalýan pursady ençeme bomba partladylypdyr. Hüjümçiler namaza duran adamlary oka hem tutdular.

Prezident Gudlak Jonatan (Goodluck Jonathan) hüjümi ýazgaryp, “umumy duşmana garşy jebis durmaga” çagyrdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Emma bu sebitde 2009-njy ýyldan bäri hereket edýän “Boko Haram” söweşiji toparynyň işidigine meňzeýär.

Hüjüm edilen metjit Kanonyň emiriniň köşgüniň golaýynda ýerleşýär. Emir “Boko Haram” toparyna garşy ýarag alyp, söweşmäge çagyryş edipdi.

XS
SM
MD
LG