Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sinjangda 15 adam öldürildi


Hytaýyň Sinjang sebitinde ýaşaýan etniki uýgur ýaşulusy
Hytaýyň Sinjang sebitinde ýaşaýan etniki uýgur ýaşulusy

Hytaýyň günbataryndaky Sinjang sebitinde amala aşyrylan hüjümde 15 adam öldi, başga-da 14-si ýaralandy. Bu barada ýurduň döwlet mediasy 29-njy noýabrda habar berýär.

“Sinhua” habar agentliginiň ýerli resmilere salgylanyp berýän maglumatyna görä, “terroristik” diýlip atlandyrylan hüjüm 28-nji noýabrda Şaçe sebitinde ýüze çykypdyr.

Maglumata görä, hüjümçiler ulaglary, pyçaklary we partladyjylary ulanyp hüjüm edipdirler.

Sinjang sebitinde Hytaýyň etniki Han topary bilen türki dilli musulman uýgurlaryň arasynda ýiti dartgynlylyk saklanyp, bu kä halatlarda ýowuzlyklara hem ýazýar.

Resmiler sebitdäki gazaplylyklaryň esasy sebäpkäri hökmünde köplenç uýgurlary görkezýärler.

XS
SM
MD
LG