Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahat-7: Ýaşaýjylar ýene köçä çykdylar


"Parahat-7" mikroraýonynyň ýaşaýjylary ýene köçä çykdylar, Aşgabat, 30-njy noýabr, 2014.
"Parahat-7" mikroraýonynyň ýaşaýjylary ýene köçä çykdylar, Aşgabat, 30-njy noýabr, 2014.

30-njy noýabrda Aşgabadyň Parahat-7 mikroraýonynyň ýaşaýjylary ýene-de köpçülikleýin köçä çykdylar. Bu ýerde ilatyň köçä çykmagyna jaýlardan sowadyjy hem ýyladyjy enjam bolan split sistemalaryny aýyrmak üçin ýekşenbe güni ýerli häkimiýetleriň bu ýere ýene-de işçileri we ýörite ulaglary sürmeginiň sebäp bolandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa soňky ýagdaýlar barada gürrüň berýär:

please wait

No media source currently available

0:00 0:01:16 0:00

Häzir Parahat-7 mikroraýonynyň ýaşaýjylarynyň birnäçesiniň, howanyň sowuk bolmagyna garamazdan, split sistemalaryň aýrylyp başlanmagyndan howatyrlanyp, öýlerine girmän, daşarda galýandygy habar berilýär.

Parahat-7 mikroraýonynyň jaýlaryndan kondisionerleri aýyrmak boýunça işler awgust aýynyň aýagynda başlanypdy, emma ýerli ýaşaýjylaryň köçä çykyp, öz emläginiň ýaşaýan jaýlaryndan aýrylmagyna garşylyk bildirmeginiň netijesinde häkimiýetler öz işini togtadypdylar.

Soňky günlerde split sistemalary aýyrmak boýunça işler häkimiýetler tarapyndan Aşgabadyň etegindäki Çoganly ýaşaýyş massiwinde hem amala aşyrylýar. Bu ýerde split sistemalary bilen bilelikde çanak antennalarynyň we aýnalaryň üstüne goýulýan telärleriň hem aýrylýandygy barada habar berilýär.

XS
SM
MD
LG