Sepleriň elýeterliligi

Moldowada saýlawlar geçýär


Moldowa, saýlawlar, 2014.

Moldowa, saýlawlar, 2014.

Moldowanyň parlament saýlawlaryna ýurduň Ýewropa tarapdar partiýalarynyň we Orsýet bilen ýakyn gatnaşyklary goldaýan güýçleriniň arasyndaky bäsdeşlik hökmünde garalýar.

Ses berijiler sanawynda hasaba alnan 2.8 milliondan gowrak moldowaly 101 orunlyk parlamentiň täze deputatlaryny saýlaýarlar.

Köpçüligiň pikirini öwrenmek boýunça ýakynda geçirilen barlaglar günbatara tarapdar partiýalaryň ilat tarapyndan has goldanýandygyny görkezdi. Ses berişligiň öňüsyrasynda orsýetçi partiýanyň saýlawlara gatnaşmagy gadagan edildi bu hereket Moskwa tarapyndan ýazgaryldy.

Ýewropanyň iň garyp ýurtlarynyň biri bolan Moldowa 2009-njy ýyldan bäri ýewropaçy partiýalaryň koalisiýasy tarapyndan dolandyrylýar. Hökümet Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekdi we öz raýatlarynyň Ýewropa wizasyz syýahat etmek mümkinçiligine eýe boldy.

XS
SM
MD
LG