Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan hasyl baýramyny belleýär


Türkmenistanda ýylda noýabr aýynyň iň soňky ýekşenbe güni bellenýän bu baýramçylyk “daýhanlaryň sap ýürekli zähmediniň döwlet derejesinde hormatlanmagydyr” diýip, prezident G.Berdimuhamedowyň gutlag hatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň pagta önümleriniň halkara sergisi we konferensiýasy açyldy. Aşgabatda geçirilen bu çärelerde dünýäniň pagta bazarynyň we Türkmenistanyň önümleriniň öňe çykarylmagynyň perspektiwalary maslahat edildi.

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda şu ýyl pagtaçylaryň şertnama esasyndaky borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirip, 1 million 100 müň tonna pagtany tabşyrandyklary aýdyldy.

Şol bir wagtda-da ýurduň käbir böleklerinde pagta ýygym kampaniýasy dowam edýär. Lebapda ýerli ýolbaşçylar döwlet işgärlerine 25-nji dekabra çenli pagta ýygmagy tabşyrdylar.

XS
SM
MD
LG