Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Polisiýanyň ýolbaşçysy wezipesinden çekildi


General Zahir Zahir, 2014.

General Zahir Zahir, 2014.

Kabulyň polisiýasynyň ýolbaşçysy Owganystanyň paýtagtynyň geçen hepdede azyndan doküz gezek hüjümlere sezewar edilmeginiň yzýany wezipesinden çekildi.

Daşary ýurtlylaryň ýaşaýan ýerleri, ilçihananyň awtoulaglary we ABŞ-nyň harbylary hüjümçileriň nyşanyna öwrülipdi.

General Zahir Zahir 29-njy noýabrda agşam Talybanyň amala aşyran hüjümi zerarly Günorta Afrikadan üç adamyň, ýagny daşary ýurtly guramanyň ýolbaşçysynyň, onuň oglunyň we gyzynyň, şeýle-de bir owganystanlynyň wepat bolmagyny tassyklap, yzýany wezipesinden çekildi.

31-nji dekabrda NATO-nyň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky söweşiji güýçleriniň missiýasy tamamlanýar.

XS
SM
MD
LG