Sepleriň elýeterliligi

Yrak: ‘galp esgerler’ tapyldy


Yragyň harby güýçleri

Yragyň harby güýçleri

Yragyň armiýasynda geçirilen barlagda 50 müň sany galp, ýagny diňe kagyz ýüzünde ady geçýän esgeriň üsti açyldy.

Premýer-ministr Haidar al-Abadiniň edarasynyň berýän maglumatyna görä, gürrüňi gidýän esgerlere diýlip ugradylýan aýlyk tölegleri togtadylypdyr.

Çaklamalara görä, diňe kagyz ýüzünde ady geçýän esgerleriň aýlyklary parahor ofiserler tarapyndan ele geçirilipdir.

Adynyň agzalmagyny islemedik bir resminiň sözlerine görä, üsti açylan 50 müň esgeriň düzümindäki adamlar ýa öň öldürilipdir, ýa-da armiýadan gaçypdyr.

XS
SM
MD
LG