Sepleriň elýeterliligi

Kabulyň polisiýa başlygy çekildi


Zahir Zahir

Zahir Zahir

Kabulyň polisiýa başlygy, soňky iki hepdäniň içinde paýtagtda amala aşyrylan azyndan dokuz sany hüjümden soň, wezipesinden çekildi. Şol hüjümleriň nyşanalary daşary ýurtly bazalar, ilçihanalaryň ulaglary, ABŞ-nyň esgerleri dagy hem bolupdylar.

General Zahir Zahir “Talyban” söweşijileriniň hüjüminde üç sany günorta afrikalynyň we bir owgan raýatynyň öldürilendigini tassyklandan soň, wezipe ygtyýarlyklaryny tabşyrýandygyny hem mälim etdi.

Zahir ABŞ-nyň maliýeleşdirmeginde iş alyp barýan haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň, onuň 17 ýaşly oglunyň we 14 ýaşly gyzynyň hem ýogalandygyny aýtdy.

“Talyban” hereketiniň metbugat wekili Zabiullah Mujahid özüniň Twitter hasabynda bu guramanyň gizlin hristian missionerleriniň bolandygyny öňe sürüp, ýazgy galdyrdy.

XS
SM
MD
LG