Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Lukmana kislota sepildi


Eýranyň paýtagty Tähranda motosikletdäki iki hüjümçi şäher keselhanasynyň başlygynyň ýüzüne kislota sepdiler. Bu barada ýurduň polisiýasy maglumat berýär.

Polisiýanyň beýanatynda aýdylmagyna görä, Ziaian keselhanasynyň ýolbaşçysy Dr. Siamand Anwara öýüne dolanyp barýan mahaly hüjüm edilipdir.

Tähranyň polisiýa başlygy Hossein Sajedinia hüjümçileriň – lukmanyň we talybyň – tussag edilendigini mälim etdi. Ol hüjüme işdäki ýagdaýlaryň sebäp bolandygyny hem aýtdy.

Bu aralykda IRNA habarlar gullugy Isfihan şäherinde bir adamyň öz aýalanyň ýüzüne kislotany sependigini habar berdi. Ýerli polisiýa başlygy Hamid Amirhani hüjüme “maşgaladaky dawalaryň” sebäp bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG