Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan we Putin duşuşýar


Rejep Taýyp Erdogan (çepde) we Wladimir Putin. 2013 ý.
Rejep Taýyp Erdogan (çepde) we Wladimir Putin. 2013 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ankarada özüniň türkiýeli kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşýar.

Putiniň daşary syýasaty boýunça maslahatçysy Ýuriý Uşakowyň beren maglumatyna görä, duşuşygyň dowamynda Siriýadaky konflikt maslahat ediler.

Russiýa Başar al-Assadyň möhüm ýarany bolup durýan pursady, Erdogan Siriýanyň häzirki prezidentiniň çekilmegini isleýär.

Ankara mart aýynda Krymyň Russiýa tarpyndan basylyp alynmagyny hem oňlamandy. Türkiýe sebitdäki tatarlaryň ýagdaýyna-da alada bildirýär.

Türk we rus prezidentleriniň energiýa hyzmatdaşlygyny hem maslahat etmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG