Sepleriň elýeterliligi

Parahat-7 protestiniň netijesi


29-njy we 30-njy noýabrda Aşgabadyň Parahat-7 mikroraýonynyň ýaşaýjylarynyň onlarçasy köçä çykyp, ýerli häkimiýetlere garşy protest bildirdiler. Muňa häkimiýetleriň ýaşaýyş jaýlardan sowadyjy hem ýyladyjy enjamy bolan split sistemalaryny aýyrmak synanyşygy sebäp boldy.

Aşgabadyň Parahat-7/1 mikroraýonynyň Baba Annanow köçesinde ýerleşýän 15-nji we 19-njy jaýlaryň daşynda şenbe güni dörän ýagdaý barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa şeýle gürrüň berdi: “Ýaşaýjylar ertirden bäri kondisionerlerini aýyrtmajak bolup, resmileriň garşysyna çykypdyrlar. Bu ýere häkimligiň wekilleri, polisiýa işgärleri hem gelipdir. Olar maşynlaryny ýoluň gyrasynda goýup, adamlaryň ýanyna gelip-gidip durlar. Ilata doly bir düşündirişem berip bilenoklar”.

Protestiň netijesinde häkimiýetleriň we hojalyk işgärleriniň 126 kwartiraly iki jaýyň daşyndan yza çekilendigi, emma şol günüň ertesi ýene-de gaýdyp gelendigi habar berildi. Bu ýagdaý ýaşaýjylaryň köpçülik bolup, ýene-de köçä çykmagyna sebäp boldy.

“Ogurlyk edemizok, öz sobstwennyý zadymyz üçin göreşýäris” diýip protestçileriň biri aýdýar.

Ilkinji netije

30-njy noýabrda bolan protestleriň netijesinde hem resmiler öz tehnikasy we işgärleri bilen yza çekildiler.

Ýerli ýaşaýjylaryň gürrüň bermegine görä, şol günüň agşamy öý-hojalyk edarasynda häkimligiň resmileriniň ýaşaýjylar bilen duşuşygy bolupdyr. Resmiler jaýlaryň köçä çykýan tarapynda “hiç zat görünmeli däl” diýip, muňa ýokardan görkezme berlendigini habar beripdirler we ýaşaýjylara olaryň split sistemalaryny hökmany suratda aýyrjakdyklaryny duýdurypdyrlar.

Agzalan jaýlar Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyna degişli.

Protestleriň taryhy

Parahat-7 mikroraýonynyň jaýlaryndan split sistemalary aýyrmak boýunça häkimiýetleriň dynç günleri eden synanyşyklary ýylyň dowamynda bolan şuňa meňzeş üçünji waka. Öý-hojalyk edarasynyň işgärleri tarapyndan maý aýynda, diňe bir köçe tarapy bilen çäklenmän, 19-njy jaýyň beýleki taraplaryndan-da sowadyjylaryň onlarçasy aýryldy we munuň sebäbi jaýlary aklamak zerurlygy bilen düşündirildi. Jaýyň käbir ýaşaýjylary garşylyk bildirensoň, jaýyň galan bölegi, sowadyjylar aýrylmazdan, reňklendi. Split sistemalary aýrylan hojalyklar özleriniň 200-300$ aralygynda zyýan çekendiklerini aýdýarlar.

Häkimiýetler tarapyndan 23-nji awgustda bu mikroraýonyň 10-njy jaýynda hem sowadyjylaryň birnäçesi söküldi. Bu barada habar serişdeleri arkaly köpçülige maglumat berlensoň, bu eden-etdilik togtadyldy. Bu iş durzulýança şonda eýýäm azyndan dört sany sowadyjy aýrylypdy.

Resmi düzgün

Aşgabadyň ýaşaýjylary split sistemalaryndan gyşda jaýlary ýylatmak, tomusda sowatmak üçin peýdalanýarlar. Split sistemalaryndan daşgary, ýaşaýyş jaýlardan çanak-antennalar we aýnalaryň üstünde oturdylan telärler hem aýrylýar. Ýerli ýaşaýjylar bu jaýlara göçüp baran wagtynda agzalan enjamlaryň oturdylmaly däldigi barada özlerine resmi duýduryşyň edilmändigini aýdýarlar.

Ýaşaýyş jaýlarynyň köçä çykýan tarapyny hojalyk enjamlaryndan arassalamak işleri Aşgabadyň dürli böleklerinde ýyllar boýy dowam edýär.

Ünsden düşen meseleler

Şol bir wagtda-da ýerli ýaşaýjylar jaýlaryň we olaryň töwereginiň tämizligi, abatlygy, arassaçylygy baradaky öz kanuny talaplaryna häkimiýetleriň asla üns bermeýändigini nygtaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa şeýle diýýär: “Jaýlaryň opurylyşyp ýatandygy, jaýlaryň çöküp ýatandygy, kommunal hyzmatlaryň ýaramazdygy - nogsanlyklar näçe diýseň bar. Esasan, 19-njy jaýyň daş-töweregi şeýle bir hapaçylyk, agaçlar gurap ýatyr, zir-zibil, maşyn ýuwýarlar. Bu zatlara gözegçilik edilmeýär”.

Häzirki wagtda Parahat-7 mikroraýonynyň ýaşaýjylary split sistemalary aýyrmak boýunça işleriň ýene başlanmagyndan howatyrlanyp, hüşgärligi saklaýandyklaryny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Soňky günlerde häkimiýetler tarapyndan Aşgabadyň etegindäki Çoganly ýaşaýyş massiwinde hem split sistemalary, çanak-antennalary we ýokardan syrygýan ygaldan hem ýiti günden goranmak üçin aýnalaryň üstünden berkidilýän telärleri aýyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG