Sepleriň elýeterliligi

Bagdadiniň aýaly, ogly tussag edildi


Liwanyň armiýasy “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň lideri Abu Bakr al-Bagdadynyň aýalyny we ogluny tussag etdi. Bu barada Liwanyň howpsuzlyk resmileri habar berýärler.

Resmileriň 2-nji dekabrda beren maglumatynda tussag edilen aýalyň ady ýa-da milleti barada goşmaça maglumat berilmeýär, ol diňe Bagdadiniň aýallarynyň biri diýlip häsiýetlendirilýär.

Liwanyň resmileriniň maglumatyna görä, ýakynda gürrüňi gidýän aýal we Bagdadiniň ogullarynyň biri Siriýadan Liwana geçmäge synanyşan mahaly tussag edilipdir.

“Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri ýowuz hüjümleri amala aşyryp, Siriýanyň we Yragyň çäginde giň territoriýalary basyp alypdylar we munuň netijesinde ençeme adamy öldüripdiler. Bu çäre gürrüňi gidýän topara garşy Birleşen Ştatlaryň liderligindäki howa zarbalarynyň amala aşyrmagyna itergi beripdi.

XS
SM
MD
LG