Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG: Luhanksda ýaraşyk ylalaşyldy


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) gözegçileri ok atyşygy bes etmek barada Ukrainanyň hökümeti bilen ýurduň Luhansk regionyndaky orsparaz separatistleriň arasynda “prinsipde ylalaşyldy” diýdiler.

ÝHHG-niň 1-nji dekabrda çap eden raportyna görä, ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk 5-nji dekabrdan başlap güýje girer.

Şeýle-de, raportda iki tarap hem 6-njy dekabrdan başlap Luhansk regiony bilen “galtaşyp duran ähli sebitlerden” agyr ýaraglaryny çykarmak barada ylalaşdylar diýilýär.

Ukrainanyň hökümet güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasynda bolan konfliktde aprel aýyndan bäri 4 müň 300-den gowrak adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG