Sepleriň elýeterliligi

Eýranda “reformaçy” täze partiýa hasaba alyndy


Eýranyň Içeri işler ministrligi ýyllaryň dowamynda ilkinji “reformaçy” täze syýasy partiýanyň hasaba alynmagyny tassyklady.

Eýranyň içeri işler ministriniň orunbasary Hossein Ali Amiriniň yslam döwletiniň resmi “IRNA” habar gullugyna beren maglumatyna görä, 1-nji dekabrda gürrüňi gidýän ministrlik tarapyndan “Eýranlylaryň sesi” atly syýasy partiýa rugsatnama berlipdir.

“Eýranlylaryň sesi” atly syýasy partiýa Sadeg Harazi ýolbaşçylyk edýär. Ol Eýranyň Fransiýadaky ilçisi we reformaçy öňki prezident Mohammad Hataminiň ýokary derejeli maslahatçysy wezipelerinde işläpdi.

XS
SM
MD
LG