Sepleriň elýeterliligi

Energiýa gymmatlaýar, tok sönüp durýar


Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň Hitrowka diýlip atlandyrylýan bölegi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň Hitrowka diýlip atlandyrylýan bölegi.

1-nji dekabrdan Türkmenistanda elektrik energiýasynyň bahasy 100%-den hem köp ýokary galdy. Mundan öň 100 kwt/sagat üçin 1 manat 20 teňňe tölenen bolsa, indi 2 manat 50 teňňe tölener.

Nyrhyň ýokarlanmagy baradaky bu karar diňe her aý mugt goýberilýän 35 kwt/sagatdan gaýry ulanylan elektrik energiýasyna degişli.

Şol bir wagtyň özünde-de toguň bahasynyň ýokarlanmagy baradaky kararyň güýje girmegi käbir etraplarda, şol sanda Aşgabadyň käbir böleklerinde toguň öçüp-ýanyp duran mahalyna gabat geldi.

Toguň sönmegi bilen bagly hadysalar

Geçen hepde paýtagtyň ”Posýolka” we ”Hitrowka” diýlip atlandyrylýan raýonlarynda günüň dowamynda birnäçe sagatlap elektrik togy bolmady. Bu raýonlarda elektrik togy 29-njy noýabrda daňdan sagat altyň ýarynda öçüp, agşam 17.45-de tok berildi. Edil ertesi güni, 30-njy noýabrda tok günortanlar sagat 11-iň ýarynda öçüp, diňe 17.45-de dikeldildi.

Aşgabadyň agzalýan etraplarynyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, bu raýonlarda elektrik togy aýda 4-5 gezek birnäçe sagatlap öçýär.

“Iki günläp 12 sagat tok bolmady. Ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlary elektrik toksuz galdy. Bu ýagdaý ýarawsyz adamlara, çagalara has-da erbet täsir edýär” diýip, ”Posýolka” raýonynyň özüni Garýagdy diýip tanadan ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Ýaşaýjylara täsiri

Şeýle-de häli-şindi elektrik togunyň öçmegi ýa-da oýnap durmagy zerarly jaý eýeleriniň elektrik enjamlarynyň ýanyp, sandan çykmagy-da adaty ýagdaýa öwrülip barýar. Garýagdy şeýle ýitgi çeken raýatlardan biri.

Ol bu barada şeýle gürrüň berýär: “Men ilkinji gezek, týunerim ýananda, elektrik gözegçilik edarasyna bu barada ýüz tutdum. Ýöne hiç hili kompensasiýanyň berilmejekdigini aýtdylar. Şonuň üçin şikaýat edip durýanam ýok”.

Şu günler Aşgabadyň ýokarda agzalan raýonlaryndan başga raýonlaryň hem käbirlerinde elektrik togunyň öçýän wagty seýrek däl. Paýtagtyň 2-nji, 6-njy, 30-njy mikroraýonlarynda aram-aram 1-2 sagatlap elektrik togunyň öçýändigi aýdylýar.

Parahat-2 mikroraýonynyň hem käbir ýaşaýyş jaýlarynda soňky 2-3 günüň içinde 1-2 sagatlap elektrik togunyň öçen mahalynyň bolandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Gyşyň çetinden girilen häzirki günlerde bu ýagdaý köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň ýaşaýjylaryna has-da erbet täsir ýetirýär. Bu ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsinde ýyladyş sistemalaryň kadaly işlemeýänligi üçin adamlar elektrik peçlerini ulanmaly bolýarlar. Onsoň, elektrik togy öçensoň, olaryň öýleri sowuk bolýar.

“Göräýmäge, toguň 1-2 sagat öçse, oňa şükür edäýmeli. Ýöne gyşyna 1-2 sagatda beton kwartiranyň içi çalt sowaýar. Çagalar üşäp, syrkawlaýarlar” diýip, Aşgabadyň Parahat-2 mikroraýonynyň ýaşaýjysy Baýram aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde-de ilatyň elektrik togy bilen üpjünçiligi hökümet maslahatlarynyň aglabasynda gozgalýar. Emma, muňa garamazdan, ýurtda elektrik togunyň öçmegi, toguň kuwwatynyň “oýnamagy” diýen ýaly ilat üçin kösençli ýagdaýlar entegem saklanyp galýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG