Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň metrosynda hyjapsyz tans


Eýranda metroda tans edýän gyz
Eýranda metroda tans edýän gyz

Metronyň içinde bir ýaş gyz Britaniýanyň "Little Mix" estrada toparynyň aýdymynyň sazyna, hut serden geçip, tans edýär. Eger bu hadysa Eýranda bolmadyk bolsady, onda ol görenlerde edil bular ýaly uly seslenme döretmezdi.

Internetde ýaýradylan bir minutlyk wideoklibe diňe YouTube sahypasynda 211 müň gezek tomaşa edilipdir, Facebook sosial ulgamyndaky sahypada bolsa bu görnüş 32 müň sany goldaw alypdyr we 13 müň gezek hem paýlaşylypdyr.

Wideoda bir gyz, serden geçip, tans edýär we tansa başlandan soň onuň başyndaky hyjaby hem sypyrylýar. Töwerekde oturanlar bolsa ony görmediksiräp, ýüzlerini başga tarapa sowýarlar.

Gyzyň ondan soňky ykbaly

Eýranda jemgyýetçilik ýerde hyjapsyz gezmeklik we halkyň arasynda zenana gelişmeýän aç-açan hereketleri etmeklik ýaly iki sany gadagan edilen ahlak düzgünini bir zarbada bozan, galyberse-de şeýle wideony düşürip, köpçülige ýaýradan ol gyzyň ykbaly häzir belli däl.

Wideonyň goýlan "Eýranly zenanlaryň gizlin azatlygy" atly Facebook ulgamyndaky sahypanyň gurujysy žurnalist Masih Alinejadyň aýtmagyna görä, oňa şol wideony iberenlerinde, aslynda ilkibada ol ony ýaýratmaga çekinipdir. Ýöne soňra, beýlekileriňem bu wideo görnüşi ýaýradýandyklaryny görenden soň, ony öz sahypasynda goýupdyr.

Hyjapsyz azatlyk

Internetde 730 müň adamyň goldawyny alan şol sahypada eli çilimli, Tähranda hyjapsyz gezen gyzyň wideolary bilen bilelikde, ähli gadagançylyga garamazdan, köpçülik ýerinde hyjabyny, bürenjegini, ýalygyny taşlap, surata düşen zenanlaryň suratlary orun alýar.

Iň soňky gezek internetde üç sany eýranly hyjapsyz gyz üç oglanyň Pharell Williamsyň "Happy" diýen aýdymynyň sazyna tans edýän wideosy internetde goýlanda, şol ýaş oglanlar tussag edilip, üstesine-de her biri 91 gamçy urgusyny jeza alypdy.

Ondan owal bolsa Eýranda maşyn sürýän zenanlaryň ýüzüne kislota sepilmegine garşy nägilelik protest çykyşlary bolup geçipdi.

XS
SM
MD
LG