Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talybanyň" kölegesindäki mekdep


Owganystanda okuwçy gyzlar.
Owganystanda okuwçy gyzlar.

Parahatçylygy goraýjy halkara güýçleri şu ýylyň aýagyna çenli Owganystany terk ederler. Bu hem Owganystanda howpsuzlyk aladalaryny güýçlendirýär. Bu aladalar söweşijileriň barha güýçlenip barýan we türkmenleriň köpçülikde ýerleşýän demirgazyk Owganystanda hasam ýiti duyulýar.

Eýýäm türkmenleriň köpçülikde ýaşaýan ençeme etrabyna we şäherçesine “Talybanlar” tarapyndan kontrollyk edilýär. Bu hem şol etraplarda ýaşaýan türkmenlere, esasanam türkmen studentlerine we olaryň bilim almak mümkinçiligine täsirini ýetirýär.

Eýsem, “Talybanyň” kölegesinde bilim alýan owganystanly türkmen studentleri öz gündelik durmuşlarynda, bilim almak ugrundaky tagallalarynda nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler? Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky sanynda şu temadan gürrüň ederis.

Sizi hem öz pikiriňizi aýtmaga çagyrýarys. Öz pikirdir garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz. Eger gepleşigimize gatnaşmak isleseňiz, biziň bilen habarlaşyň, salgymyz hat@azatradio.org.

XS
SM
MD
LG