Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Uzen-Bereket-Gürgen demir ýoly açyldy


Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň prezidentleri üç ýurdy birikdirýän täze demir ýoluň açylyş dabarasyny amala aşyrdylar.

3-nji dekabrda Türkmenistanda geçirilen dabara türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani gatnaşdylar.

Uzynlygy 935 kilometre barabar bolan Uzen-Bereket-Gürgen liniýasy üç ýurdy birikdirýän iň gysga demir ýoldur.

Gazak prezidenti Nazarbaýewiň edarasynyň beren maglumatyna görä, bu demir ýol üç ýurduň arasynda gatnadylýan ýük önümleriniň mukdaryny ýylda 3 million tonnadan 10 million tonna çenli artdyrar we bu san 2020-nji ýyla çenli 20 million tonna baryp ýeter.

XS
SM
MD
LG