Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň kerwenine hüjüm edildi


Resmiler Somaliniň paýtagty Mogadişuda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) kerwenine amala aşyrylan bombaly hüjümde azyndan üç somali raýatynyň ölendigini habar berýärler.

Somaliniň ýokary derejeli polisiýa ofiseriniň beren maglumatyna görä, 3-nji dekabrda Mogadişunyň berk goragdaky aeroportunyň golaýynda amala aşyrylan bombaly ulag partlamasynda bir polisiýa ofiseri we “BMG-niň iki janpenasy” öldürilipdir.

“Al-Şabab” atly yslamçy söweşiji toparyň metbugat sözçüsi hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Şol bir wagtyň özünde howpsuzlyk resmileri hem hüjümi amala aşyrmakda “Al-Kaýda” bilen ilteşikli bu topary aýypladylar.

Gürrüňi gidýän wakada BMG-niň hiç bir işgäri öldürilmedi.

XS
SM
MD
LG