Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: Koalisiýa üstün çykar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri Yrakda we Siriýada ençeme territoriýany ele salan “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy uruş alyp barmagy üçin Birleşen Ştatlar tarapyndan düzülen koalisiýanyň “birleşendigini we ähli front linilaryna tarap hereket edendigini” aýtdy. Şeýle-de, ol “bu koalisiýa üstün çykýança, kampaniýany dowam etdirer” diýdi.

Kerri bu barada 3-nji dekabrda Brýusselde geçiriljek ýygnagyň öňýanynda çykyş etdi. 60-a golaý ýurduň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu ýygnakda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşdäki öňe gidişikler we dildüwşik strategiýalary ara alnyp maslahat edilýär.

Şeýle-de, Kerri “Birleşen Ştatlar biziň alyp barýan işlerimiziň täsirliligini artdyrmagy maksat edýän serişdeleri yzygiderli gözleýär we men koalisiýa agza her bir ýurduň wekilleriniň hem şu ugurda iş alyp barjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

XS
SM
MD
LG