Sepleriň elýeterliligi

Ýemen: Eýranyň rezidensiýasy nyşana alyndy


Ýemeniň howpsuzlyk resmisi Eýranyň ilçisiniň rezidensiýasy nyşana alnan ýaly bolup görünýän bombaly güýçli ulag partlamasynda bir ýemenliniň we eýranly howpsuzlyk garawullarynyň öldürilendigini habar berýär.

Howpsuzlyk garawullary hüjümiň amala aşyrylan mahaly, Eýranyň ilçisi Hassan Saýed Namyň binanyň içinde däldigini mälim etdiler.

“Reuters” habar gullugynyň howpsuzlyk resmilerine salgylanyp berýän maglumatynda 3-nji dekabrda Ýemeniň paýtagty Sanada bolan wakanyň janyndan geçeniň eden hüjümi esasynda amala aşyrylandygy we birnäçe howpsuzlyk garawullarynyň öldürilendigi bellenilýär.

“The Associated Press” habar gullugynyň maglumatyna görä, bu hüjümde Eýranyň ilçisiniň rezidensiýasynyň azyndan iki howpsuzlyk garawuly öldürilipdir.

XS
SM
MD
LG