Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Demirgazyk-Günorta" ugry açyldy


Eýrany, Türkmenistany we Gazagystany öz içine alýan bilelikdäki demirýol proýekti işe girizildi.
Eýrany, Türkmenistany we Gazagystany öz içine alýan bilelikdäki demirýol proýekti işe girizildi.

Eýrany, Türkmenistany we Gazagystany öz içine alýan bilelikdäki demirýol proýekti işe girizildi. Onuň açylyş dabarasy agzalýan üç ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky serhediň golaýynda ýerleşýän Ak Ýaýla obasynda çarşenbe güni irden bolup geçdi.

Bu dabara Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Eýranyň prezidenti Hasan Rohani, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde Azerbaýjanyň Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Omanyň demirýol ministrleriniň hem gatnaşandygy habar berilýär

Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň prezidentleri demirýoly işe girizdiler.
Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň prezidentleri demirýoly işe girizdiler.

Uzynlygy 928 kilometre barabar bolan bu demirýol günbatar Gazagystan bilen Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän Gürgen şäherini demirýol transporty arkaly özara birikdirýär we bu proýektiň tutuş regionda söwda işleriniň artmagyna mümkinçilik döreder diýlip garaşylýar.

Dabaradan öňürti, proýekti tanatmak maksady bilen, taýýarlanan wideoda bu proýekt arkaly Hytaýyň Liýanýungang şäheri bilen Eýranyň Bender-Abbas portunyň arasyndaky gatnaw ýolunyň 22 günden 13 güne çenli gysgaljakdygy mälim edilýär.

Açylyş dabarasyndan bir pursat
Açylyş dabarasyndan bir pursat

Habarlardan mälim bolşuna görä, soňra bu proýekt adaty ýolagçy gatnaw hyzmatyny hem berjay edip başlar. Eýranyň prezidenti Hassan Rohani şol dabarada eden çykyşynda, bu proýekte regionde gazanylan uly üstünlik diýip baha berdi.

Gazagystanyň prezidentlik aparaty tarapyndan ýayradylan beýanatda bolsa, bu demir ýol arkaly üç ýurduň arasynda amala aşyryljak ýuk gatnawynyň gelejek ýyl 10 milion tonna çykaryljakdygy aýdylýar, bu möçber häzirki wagt 3 million tonna barabardyr.

Türkmenistanyň üstünden geçýän, we Gazagystan bilen Eýrany birikdirýän bu demir ýol proýektiniň 85 kilometere Eýranyň, 700 kilometeri Türkmenistanyň, 140 kilometer töweregi Gazagystanyň teritoriýasyndan geçýär.

XS
SM
MD
LG