Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FH: Ineternet azatlygy pese gaçýar


Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän synçy topar bütindünýäde Internet azatlygy dört ýyl bäri ýaramazlaşmagyny dowam etdirýär diýýär.

“Freedom House” guramasynyň 4-nji dekabrda ýaýradan raportynda internet azatlygynyň Russiýada, Ukrainada we Türkiýede düýpli ýaramazlaşandygy bellenilýär.

“Internet azatlygy 2014” atly raportda Eýran, Siriýa we Hytaý bütindünýäde umumy internet azatlygynyň iň ýaramaz depelenýän ýurtlary diýlip nygtalýar.

2013-nji ýylyň maý aýy bilen 2014-nji ýylyň maý aýy aralygyny öz içine alýan raportda 65 ýurtdaky internetiň derejesine we digital media azatlygyna baha berilýär. Raportda her bir döwlete 0-dan 100-e çenli bal berlip: “0” – internetiň iň azat derejesini; 100 hem internet azatlygynyň düýpli pes derejededigini aňladýar.

Gürrüňi gidýän raportda internet azatlygynyň derejesi boýunça Eýrana 89, Özbegistana 79, Pakistana 69 we Belarusa 62 bal berlipdir.

XS
SM
MD
LG