Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistan: Hüjümde dokuz adam öldi


Russiýanyň durnuksyz Kawkaz respublikasy Çeçenistanyň resmileri regionyň paýtagty Groznyda howpsuzlyk güýçleri bilen söweşijileriň arasynda birnäçe sagat dowam eden çaknyşyklarda azyndan dokuz adamyň öldürilendigini habar berýärler.

4-nji dekabrda çeçen lideri Ramzan Kadyrow Groznyda neşirýat öýüniň binasyny basyp alan birnäçe ýaragly adamyň öldürilendigini we binanyň ot almagy netijesinde ýumrulandygyny aýtdy. Emma ol “örän güýçli ýaraglanan”, şol sanda garanatomýotly ýaragly adamlaryň heniz hem mekdepde bukulýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Wakanyň bolan mahaly goýy tüsse neşirýat öýüniň üstünden asmana göterildi we şäherde awtomat ýaraglaryň oklary we güýçli partlamalaryň döreden sarsgyny duýuldy.

Bu waka soňky ýyllarda Groznyda bolan ýowuzlyklaryň iň ýaramazydy.

XS
SM
MD
LG