Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: Moldowanyň saýlawlarynda “bozulmalar” boldy


Russiýa 30-njy noýabrda Moldowada geçirilen parlament saýlawlarynyň taýýarlyk kampaniýalary döwründe “güýçli bozulmalaryň” bolandygyny öňe sürýär.

Öňki sowet respublikasynda geçirilen saýlawlarda Ýewropa tarapdary syýasy partiýalar parlamentdäki orunlaryň aglabasyny alyp, ýeňiş gazandylar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gözegçileri Moldowadaky saýlawlaryň geçirilişine gowy baha beripdiler, emma olar “Patria”, ýagny “Ata watan” atly partiýanyň daşary ýurtlardan bikanun maliýeleşdirilýändigi aýdylyp, onuň saýlawlara gatnaşmagyna gadaganlyk girizilmegini tankyt etdiler. Bu partiýa rus işewüri tarapyndan dolandyrylýar.

Russiýanyň daşary işler ministrliginiň 3-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda synçylaryň Moldowada geçirilen saýlawlaryň “aç-açan we demokratik häsiýete eýedigi” baradaky çykaran netijesine, ministrligiň sözlerine görä, “saýlawlaryň geçirilýän mahaly we oňa taýýarlyklar döwründe düýpli bozulmalaryň amala aşyrylmagyna rugsat berilendigi sebäpli” kölege salýar diýilýär.

XS
SM
MD
LG