Sepleriň elýeterliligi

BMG: 2014 iň gyzgyn ýyl bolar


Birleşen Milletler Guramasynyň howa gullugy hasaba alnan döwürde 2014-nji ýylyň iň gyzgyn ýyl boljakdygyny habar berýär.

BMG-niň Bütindünýä meterologiýa guramasy ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda ortaça global temperaturanyň selsiý boýunça ortaça görkezijiden ýokarda bolup, 0,57-ä barabar bolandygyny aýdýar. Maglumatda bu görkezijiniň 2010-njy ýylda hasaba alnan görkeziji bilen deňdigi mälim edilýär.

Beýanatda Bütindünýä meterologiýa guramasynyň baş sekretary Mişel Žarro: “2014-nji ýyl boýunça deslapky maglumatlar, hasaba alnan döwürde iň gyzgyn 15 ýylyň 14 sanysynyň XXI asyrda bolandygyny aňladýar. Global maýlama haýallamaýar” diýdi.

XS
SM
MD
LG