Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Günbatary aýyplady


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň çykyşyna tomaşa edýän adam.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň çykyşyna tomaşa edýän adam.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Günbatary “haýasyz we agressiw” hereket etmekde aýyplap, Russiýa hiç haçan daşary ýurtlaryň isleglerine boýun bolmaz diýdi. Putin bu barada halka ýüzlenip eden ýyllyk çykyşynda ýiti belläp geçdi.

4-nji dekabrda Kremlinden telewideniýe arkaly göni efirde görkezilen çykyşynda Putin ilki bilen tomaşaçylara Russiýany, onuň aýtmagyna görä, “diňe ýetişen, birleşen milletiň halas bolup biljegi synagdan” alyp çykýandyklary üçin sag bolsun aýtdy.

Putin Russiýanyň Krymy anneksiýa edeni we gündogar Ukrainadaky orsparaz separatistleri goldany sebäpli Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan girizilen sanksiýalaryň ýurdy gowşatmaga gönükdirilendigini aýtdy. Emma ol bu sanksiýalaryň Russiýany gowşatmagyň deregine, ýurduň ykdysadyýetini stimulirleýändigini öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG