Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Korrupsiýadan halas edýän bäş ýörelge


Korrupsiýa
Korrupsiýa

Adatça, döwletlere aýratynlykda kömek berýänler ol ýurtlardaky korrupsiýanyň derejesine seredýärler. Onsoň özünde korrupsiýanyň derejesi ýokary ýurtlaryň berilmeli kömekleri almagy hem kynlaşýar.

Meselem ÝB, ABŞ, Halkara walýuta fondy Ukraýina milliardlarça dollar möçberinde maliýe kömegini bermekligi göz öňünde tutýarlar. Ýöne munuň üçin Kiýewiň ýurtda korrupsiýanyň öňüni almagy hökmany. Geljekde ÝB-ne agzalyk ýolunyň açylmagy üçin hem korrupsiýa garşy ýörite reformalary durmuşa geçirmeli.

Halkara maliýe guramalary, şol sanda ”Transparency International” ýaly döwlete degişli bolmadyk tanymal guramalar döwletlere öz abraýlaryny gowulandyrmaklary üçin bäş maslahat berýärler:

1. Jemgyýetçilik pudagynda jogapkärçiligiň artdyrylmagy

ÝB-ne agzalyga dalaş edýän döwletlere hödürlenýän ylalaşyk şertnamalarynda müňkürlik döremez ýaly, hökümet we döwlet resmileriniň öz baýlyklarynyň, mal-mülküniň doly beýanyny köpçülige aýan etmegi talap edilýär.

“Transparency International” guramasynyň ÝB-ki meseleler boýunça müdiri Karl Dolan bu talaba berýän düşündirişine görä, şeýle müňkürlik resmileriň gymmatly kagyzlara eýeçilik edýän firmalarynyň bähbitleri üçin karar kabul eden mahaly ýüze çykyp bilýär: "Birinjiden göz öňünde tutulýan maksat, ol ýerlerde käbir özgerişlikleriň durmuşa geçirilmekligidir. Jemgyýetçilik pudagynda özgerişlikler üçin iň esasy düýpli şertler döredilmelidir. Resmileriň öz gazanjynyň beýanyny aýan etmegi we bu beýanyň dogrudygyny ýa-da däldigini barlamak üçin bir barlag mehanizmi bolmaly".

2. Döwletiň tenderlerinde aç-açanlyk we bäsdeşlik bolmagy

Karl Dolanyň bellemegine görä, korrupsiýa mümkinçiligi köplenç resmiler tenderleri kime bermelidigini çözende we bu barada karar kabul edende ýüze çykýar: "Syýasatçylar bilen resmileriň tenderler geçirilýän mahaly kabul edýän kararlaryna has köp üns berilmelidir. Işiň şol tapgyrynda firmalaryň bäsdeşligine we işleriň aç-açanlyk kadalaryna doly gabat gelýändigine anyk göz ýetirilmelidir".

Tenderler barasynda iň esasy halkara şertnama Bütindünýä söwda guramasynyň "Döwlet tenderler ylalaşygy" bolmalydyr.

Häzirki döwürde Moldowa, Montonegro we Ukraina şeýle ylalaşyga goşulmaga dyrjaşyp, bu gurama bilen degişli gepleşikleri alyp barýarlar. Sebäbi haýsydyr bir ýurda "söwda üçin ýardam" kömek pullarynyň berilmeginde bu Bütindünýä söwda guramasynyň esasy şerti hasaplanýar.

3. Korrupsiýa ýagdaýlarynyň hasabaty we derňelmegi

Onlarça ýyldan bäri halkara pul kömegini berýänler korrupsiýa ýagdaýlarynyň hasabaty we derňelmegi üçin özbaşdak adalat ulgamynyň döredilmegi babatda iş alyp barýarlar. Karl Dolanyň pikirine görä, korrupsiýanyň öňüni almak üçin "hakyky garaşsyz döwlet guramasynyň" döredilmegi we oňa tabşyrylan işi berjaý edip bilmegi üçin ýörite ygtyýarlyklaryň berilmegi hem peýdaly bolup biler.

4. Syýasy partiýalaryň maliýe üpjünçiliginde aç-açanlygyň ýola goýulmagy

Korrupsiýa garşy göreşýänleriň nygtamagyna görä, saýlaw kampaniýalaryna berýän gizlin pul kömekleriniň üsti bilen barly adamlar we firmalar saýlawlaryň netijelerine täsir ýetirip bilýärler, ýagny bu ugurda gaty çynlakaý syýasy korrupsiýa howplary bar.

“Transparency International” guramasyndan Karl Dolanyň aýtmagyna görä, syýasy partiýalaryň maliýe üpjünçiligi babatda aç-açan kada-kanunlar kabul edilmelidir: "Ukrainadaky ýagdaýa syn edeliň. Dünýäniň başga ýerlerinde-de, hatda ÝB-niň özünde-de esasy problemalaryň biri partiýalaryň maliýe üpjünçilingindäki aç-açanlykdyr".

5. Maglumat edinmeklik üpjünçiligi

Bilermenleriň nygtamagyna görä, metbugat işgärleri, raýat jemgyýetçilik guramalary birek-birekden aýyl-saýyl bolmaýan wagty korrupsiýa howplary hasam artýar.

Maglumat almak azatlygy – raýatlaryň ýurtda edilýän bikanun hereketleri anyklap, olara garşy göreşilmegini talap etmegi üçin iň esasy guraldyr.

XS
SM
MD
LG