Sepleriň elýeterliligi

Putin Günbatara "zoňtar" diýdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin. 4-nji dekabr, 2014 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin. 4-nji dekabr, 2014 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Günbatary “haýasyzlykda we zoňtarlykda” aýyplady. Putin özüniň ýyllyk çykyşynda Orsýetiň hiç haçan daşary ýurtlaryň islegine boýun bolmajakdygyny nygtady.

4-nji dekabrda Kremlden göni efirde eden çykyşynda Putin ilki bilen öz diňleýjilerine minnetdarlygyny bildirip, “diňe kämil we jebis” diýip atlandyran häsiýetlere eýe bolan halkyň Russiýanyň öňündäki duran synaglardan geçmegi başarandygyny aýtdy.

Putin, Russiýanyň Krymy basyp almagy we gündogar Ukrainadaky separatistleri goldamagy sebäpli, ABŞ-nyň we ÝB-niň girizen sanksiýalarynyň ýurdy gowşatmaga gönükdirilendigini, emma munuň tersine – sanksiýalaryň Russiýanyň içerki ykdysadyýetine itergi berendigini öňe sürdi.

Putin Krymyň Russiýa üçin “däbe laýyk gymmatlygy” alamatlandyrýandygyny belläp, Moskwanyň bu sebit babatynda edil ýewreýleriň we musulmanlaryň Ierusalime garaýyşlary ýaly çemeleşjekdigini aýtdy. Munuň bilen ol Kremliň bu ýeri indi hiç haçan Ukraina yzyna gaýdyp bermejekdigini duýdurdy.

Ol Ukrainanyň gündogar sebitlerinde bolup geçýän “tragiki” diýip atlandyran wakalarynyň diňe Russiýanyň alyp barýan syýasatynyň “rastdygyny”, ýagny dogrudygyny görkezýändigini aýtdy. Ýatladyp geçsek, gündogar Ukrainanada orsýetparaz separatistler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda häzire çenli 4 müň 300-den hem köpräk adam öldi. Kiýew we NATO Moskwanyň separatistlere uly möçberde harby hemaýat berýändigini aýdýarlar.

Putin öz çykyşynda Russiýanyň daş-töweregini ýurduň kastyna çykan duşmanlaryň gurşap alýandygyny ýaňzydýan bellikleri hem etdi. Ol Günbatara hüjüm edip, 1990-njy ýyldan bäri Russiýany edil Ýugoslawiýa ýaly bölmek ugrunda tagalla edilendigini, emma “olaryň, edil Gitler ýaly, şowsuzlyga uçrandygyny” aýtdy.

Putin ABŞ-nyň NATO bilen birlikde Ýewropada raketa hüjümlerinden goranyş ulgamlaryny ornaşdyrýandygyny hem tankytlady. Ol Russiýany “gorkuzjak bolmagyň” manysynyň ýokdugyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Özüniň badyhowa sözlerine garamazdan, Putin Günbatar bilen arany doly kesmek islemeýändigini hem ýaňzytdy. Ol Russiýanyň özüni daşarky dünýäden izolirlemek islemeýändigini, şeýle-de Ýewropa we ABŞ bilen hem gowy gatnaşyklary isleýändigini aýtdy.

Putin öz çykyş edýän her bir metbugat ýygnagynda ýa-da halka ýüzlenmesinde özüni zor, mäkäm bir ýolbaşçy edip görkezmäge çalyşýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG