Sepleriň elýeterliligi

Prezidentler "ak pata" berdiler


(sagdan çepe) Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew.

(sagdan çepe) Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew.

Uzynlygy 900 kilometre golaý bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýol ulgamy düýn bu ýurtlaryň baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmen-Eýran serhedinde dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bu dabarada eden çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi gidýän proýekte 2007-nji ýylda gol goýlandygyny ýatladyp, şeýle diýdi: Çylşyrymly tebigy we howa şertlerine garamazdan, Türkmen demirýolçylary Bereket demirýol bekedinden başlap, Gyzylgaýanyň üstünden Gazagystan bilen döwlet serhedine çenli 500 kilometr ýoly gysga döwrüň içinde gurmagy başardylar. Şu gün bolsa biz bu demirýoluň günorta şahasyny, ýagny Bereket şäherinden Türkmenistan bilen Eýranyň serhedinde ýerleşýän Etrek etrabynyň merkezine çenli bölegini hem işe girizýäris”.

Prezidentler demir ýola badalga berýärler

Prezidentler demir ýola badalga berýärler

Dabara düýn geçirildi, oňa Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Eýranyň prezidenti Hasan Rohani we regionyň käbir ýurtlarynyň demirýol ministrleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow bu proýektiň ýurdy transport geçelgesine öwürmek ugrundaky tagallalaryň çäginde ädilen ilkinji ädimdigini aýdyp, gelejekdäki planlar hakda hem durup geçdi.

“Gürrüň geljekde Baltika we Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna çykmak arkaly Gara deňiz sebitleridir Kawkaz bilen birlikde Merkezi Aziýany we Hazar deňiz regionyndaky döwletleri özara birikdirýän täze bir geoykdysady giňişligiň binýadyny tutmak barada barýar. Bu taslama geljekde günorta we gündogar ugurlardaky ulagdyr üpjünçilik ulgamlarynyň hem birleşdirilmegini göz öňünde tutýar” diýip, Berdimuhamedow sözüniň üstüne goşdy.

Dabarada çykyş eden beýleki ýolbaşçylardan Eýranyň prezidenti Hasan Rohani bu güni taryhy bir gün diýip atlandyryp, onuň regionda söwda-satygyň artmagynda uly rol oýnajakdygyny aýtdy: “Bu güni üç ýurt üçin hem taryhy bir gün diýip hasap edýärin. Bu demirýoluň açylmagy, geçmiş bilen deňeşdirilende, halklarymyzyň biri-birine örän ýakyndygyny aýan etdi. Meniň bu proýektiň üç ýurduň halklarynyň bähbidine, söwdagärlerimiziň bähbidine boljagyna hiç hili şübhäm ýok”.

Gazagystanyň prezidenti hem öz çykyşynda bu proýektiň agzalýan ýurtlaryň arasynda söwda-satygyň artmagyna mümkinçilik döretjekdigini nygtady. Mundan ozal Gazagystanyň prezidentlik apparaty tarapyndan ýaýradylan beýanatda bu demirýol arkaly üç ýurduň arasynda amala aşyryljak ýük gatnawynyň geljek ýyl 10 million tonna ýetjekdigi aýdylýar, bu san häzirki wagtda 3 million tonna barabardyr.

Ýol

Düýnki geçirilen dabarada proýekti tanatmak maksady bilen taýýarlanan wideoda bu proýekt arkaly Hytaýyň Liýanýungang şäheri bilen Eýranyň Bender-Abbas portunyň arasyndaky gatnaw ýolunyň wagtynyň 22 günden 13 güne çenli gysgaljakdygy mälim edilýär.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň üstünden geçýän we Gazagystan bilen Eýrany birikdirýän bu demirýol proýektiniň 85 kilometri Eýranyň, 700 kilometri Türkmenistanyň, 140 kilometr töweregi-de Gazagystanyň territoriýasyndan geçýär.

Proýekt Gazagystanyň Maňgyşlak welaýatyndaky Özen sebitinden başlanyp, gazak-türkmen serhedindäki Bulaşak otly geçelgesiniň üsti bilen Türkmenistanyň Gyzylgaýa, Bereket şäherçelerinden geçip, Eýran-Türkmenistan serhedinde ýerleşýän Etrek otly geçelgesi arkaly Eýranyň Gülüstan (ozalky ady Türkmensähra) welaýatyna barýar.

Häzirlikçe diňe ýük gatnawy göz öňünde tutulýan bu demirýol arkaly geljekde ýolagçylara hem hyzmat ediljekdigi aýdylýar. Emma, açylyş dabarasynyň geçirilendigine garamazdan, otly gatnawynyň haçan başlajagy barada häzirlikçe takyk maglumat berlenok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG