Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Yslamçy topar bilen ilteşikli üç adam tussag edildi


Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi ýurtda ekstremist gurama diýlip gadagan edilen yslamçy dini topara adamlary gizlin işe çekýän operasiýanyň üstüni açandyklaryny habar berýärler.

Ministrligiň metbugat sözçüsi Bakyt Seitowyň 4-nji dekabrda beren maglumatyna görä, “Hizb ut-Tahrir al-Islami” topary üçin adamlary işe çekmek operasiýasyna üç adam gatnaşypdyr. Maglumatda gürrüňi gidýän üç adamyň Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Yssy-köl regionyndaky Žeti-Oguz etrabynda yslamçy ekstremist mazmunly wagyz-ündewleri edendigi bellenilýär.

Seitowyň sözlerine görä, ýolbaşçylar geçirilen reýdleriň netijesinde ekstremist mazmunly kitaplaryň uly mukdaryny ele salypdyrlar.

2003-nji ýylyň oktýabr aýynda Gyrgyzystanyň Ýokary sudy “Hizb ut-Tahrir” toparyny gadagan edipdi. Emma ýurtda bu toparyň tarapdarlarynyň öz hereketlerini heniz hem işjeň dowam etdirýändigi bellenilýär.

XS
SM
MD
LG