Sepleriň elýeterliligi

AP: Serbiýada, Bosniýada 15 adam tussag edildi


Metbugat serişdesi Serbiýanyň we Bosniýanyň polisiýasynyň Balkanlarda bolan konflikt döwründäki gyrgynçylyk bilen ilteşikli 15 adamy tussag edendigini habar berýär.

“The Associated Press” habar gullugynyň maglumatyna görä, 5-nji dekabrda geçirilen operasiýalaryň netijesinde Bosniýada 10, Serbiýada bäş adam tussag edilipdir.

Iki ýurduň prokurorlary “AP” habar gullugyna beren maglumatlarynda 1993-nji ýylyň 27-nji fewralynda bolan “Strpsi” gyrgynçylygynyň derňelmegi ugrunda bilelikde hyzmatdaşlyk edendiklerini aýtdylar.

Tussag edilenleriň arasynda tussaglykdaky bosniýaly serb Milan Lukiçiň dogany Goýko Lukiç, şeýle-de öňki general bosniýaly serb Luka Dragiçewiç bar.

“Strpsi” gyrgynçylygy 100 müňden gowrak adamyň öldürilmegine we millionlarça adamyň başga ýerlere göçmegine sebäp bolan konfliktiň bir bölegidir.

XS
SM
MD
LG