Sepleriň elýeterliligi

Olland Nazarbaýew bilen duşuşdy


Fransiýanyň prezidenti Frasua Olland (Francois Hollande) gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewe Ukraina meselesi boýunça Russiýa bilen Günbataryň arasyndaky dartgynlylygy gowşatmak meselesinde Gazagystanyň rol oýnaýandygyny aýtdy.

Olland iki günlük resmi sapar bilen 5-nji dekabrda gazak paýtagty Astana bardy. Onuň bu sapary Fransiýa bilen Gazagystanyň arasyndaky syýasy we söwda gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Olland Nazarbaýewe Fransiýanyň Gazagystan bilen ykdysady we söwda ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Şol bir wagtyň özünde Nazarbaýew ykdysady ylalaşyklaryň Gazak-fransuz biznes forumynda maslahat ediljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG