Sepleriň elýeterliligi

BMG: Zenanlar az aýlyk haky alýar


Birleşen Milletler Guramasynyň zähmet guramasy dünýäniň köp künjeginde erkeklere görä has sowatly, has tejribeli we has öndümli zenanlara heniz hem az aýlyk hakynyň tölenýändigini aýdýar.

Halkara zähmet guramasy (HZG) dünýäniň ençeme künjeginde “aýal-erkek jynsyna görä aýlyk hakyny tölemek boşlugynyň” heniz hem saklanyp galýandygyny belleýär.

HZG-nyň “Halkara aýlyk haky” baradaky raportynda bu ugur boýunça dünýäniň 38 ýurdundaky ýagdaýlar seljerilýär we onda bu ýurtlaryň ählisinde erkeklere zenanlardan has köp aýlyk hakynyň tölenýändigi aýdylýar.

Halkara zähmet guramasynyň raportynda erkek bilen zenanyň aýlyk haklarynyň arasyndaky aratapawudy ençeme faktorlar arkaly düşündirip bolar diýlip, olaryň arasynda zenanyň zähmetine kem baha bermeklik, zenanlary has pes derejeli işlere ugrukdyrmaklyk ýa-da zenanlaryň guramalaşdyrylmadyk pudaklarda zähmet çekmegi we olaryň profsoýuzlarda hasaba durmandyklary ýaly sebäpler bar diýilýär.

XS
SM
MD
LG