Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko täze inisiatiwasyny aýtdy


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko gündogar Ukrainadaky çaknyşyklary togtatmagy maksat edýän täze inisiatiwasyny mälim etdi.

4-nji dekabrda öz websahypasynda çap eden beýanatynda Poroşenko “Dymyşlyk gününden”, ýagny 9-njy dekabrdan başlap ukrain harbylary gündogar Ukrainadaky ok atyşygy bes ederler diýdi.

Poroşenko bu çäräniň ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda Minskde gol goýlan giň göwrümli ylalaşygyň içine girizilendigini sözüniň üstüne goşdy.

Ukrain güýçleri bilen orsparaz separatsitleriň arasyndaky ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda gol goýlan ylalaşyk yzygiderli bozulyp gelýär we ýurtda şondan bäri 1 müňden gowrak adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG