Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko "Dymyşlyk güni" ýaraşygy hödürledi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Kiýew, 2-nji dekabr, 2014.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Kiýew, 2-nji dekabr, 2014.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko gündogar Ukrainadaky söweşleri bes etmek boýunça öz täze inisiatiwasyny öňe sürdi.

4-nji dekabrda öz websaýtynda çap eden beýannamasynda Poroşenko Ukrainanyň harbylarynyň “Dymyşlyk gününden”, ýagny 9-njy dekabrdan başlap, gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etjegini yglan etdi.

Poroşenko bu çäräniň 5-nji sentýabrda Minskde baglaşylan ok atyşygy bes etmek baradaky giň gerimli ylalaşyga girýändigini aýtdy.

Ylalaşygyň çäginde

Orsýetiň RIA Nowosti agentligi özbaşdaklygy talap edýän Donetsk we Lugansk regionlarynyň gozgalaňçy liderlerine salgylanyp, Poroşenkonyň agzan çäresiniň Minsk ylalaşygyna girýändigini tassyklady, emma gozgalaňçylaryň bu düzgüni berjaý etmek planlary barada habar bermedi.

5-nji sentýabrda baglaşylan bu ylalaşyk yzygiderli bozulýar, onuň baglaşylan gününden bäri 1 müň çemesi adam wepat boldy.

Şu hepdäniň başynda, Donetsk aeroportunda ok atyşygy bes etmek barada gelnen ylalaşyk güýje gireninden sanlyja sagat geçensoň, ol hem ýene bozuldy.

Özüni özbaşdak diýip jar eden Donetsk halk respublikasynyň parlamentiniň spikeri Andreý Purgin 9-njy dekabra degişli ýaraşygyň bardygyny Orsýetiň RIA Nowosti täzelikler agentligine tassyklady.

Muňa garamazdan, özüni özbaşdak diýip jar eden Lugansk halk respublikasynyň ýolbaşçysy Igor Plotnitskiý ýörite sene barada ýazmaça hiç hili ylalaşygyň ýokdugyny aýtdy.

"Agzalan güne degişli (ok atyşygy bes etmek barada) dilde gelnen ylalaşyk bolupdy” diýip, Plotnitskiý RIA Nowosti agentligine aýdypdyr.

ÝHHG-niň maslahaty

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlygy Didier Burkhalter täzeligi kommentirläp, “häzirki wagtda takyklanmadyk ençeme dürli meseleleriň” bardygyny belledi.

Burkhalter bu barada ÝHHG-niň gündogar Ukrainadaky krizisi gowşatmak barada Baselde geçiren konferensiýasynda aýtdy.

Bu duşuşykda eden çykyşynda Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin ok atyşygy bes etmek barada hakyky ýaraşygyň zerurdygyny nygtady.

“Bu diňe bir Ukrainanyň krizisi däl, bu ÝHHG-niň krizisi däl, bu Orsýetiň agressiýasy bilen bagly” diýip, Klimkin nygtady.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ÝHHG-niň maslahatynyň çäginde gysga wagtlyk duşuşyk geçirdiler.

Munuň öňüsyrasynda Kerry Günbataryň Kreml bilen gapma-garşylyga girişmek islemeýändigini aýdyp, Orsýeti Ukrainadaky “hereketleri arkaly” öz-özüni üzňeleşdirmekde aýyplady.

Ukraina we Günbatar ýurtlar Orsýeti gündogar Ukrainadaky krizisi öjükdirmekde we separatistleri agyr ýaraglar hem söweşijiler bilen üpjün etmekde aýyplaýarlar. Moskwa muny inkär edýär.

Kerry öz çykyşynda gürrüňi gidýän konflikte gatnaşýanlar tarapyndan 5-nji sentýabrda gelnen özara ylalaşyklaryň berjaý edilmelidigini ýene-de bir gezek nygtady.

XS
SM
MD
LG