Sepleriň elýeterliligi

Belli azeri žurnalisti tussag edildi


Bakuwyň sudy Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň derňewçi žurnalisti Hadija Ismaýilowanyň iki aý möhlet bilen deslapky tussaghanada saklanylmalydygy barada höküm çykardy.

Ismaýilowa 5-nji dekabrda Bakuwyň Sabail etrapçasynyň suduna gelmelidigi barada görkezme berilipdi. Ol bir adamy öz janyna kast etmäge iteklemekde aýyplanýar.

Azatlyk Radiosynyň baş redaktory Nenad Pejiç Ismaýilowa garşy edilen hereketleri ýazgardy.

Pejiç: “Ismaýilowanyň tussag edilmegi Azarbaýjanda hökümet korrupsiýasyny we adam hukuk bozulmalaryny derňeýän žurnalistleri sem etmek ugrunda soňky iki ýylyň dowamynda edilýän synanyşyklaryň diňe biri boldy. Hadija ýöňkelýän aýyplamalar akyla sygmaýar. Hadija özüniň žurnalistik işi üçin jezalandyrylýar” diýdi.

ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç hem Ismaýilowanyň tussag edilmegini tankytlady.

Miýatowiç: “Ismaýilowanyň tussag edilmesi guramalaşdyrylan gorkuzmak synanyşygydyr. Bu onuň azat we tankytlaýjy sesini sem etmek ugrunda alnyp barylýan kampaniýanyň bir bölegi boldy” diýdi.

Ol sözüni dowam etdirip: “Men azeri resmilerine media azatlygyna basyş etmek boýunça alyp barýan kampaniýalaryny bes etmäge çagyrýaryn” diýdi.

Şol bir wagtda Ismaýilowa başga bir iş boýunça hem aýyplama bildirildi. Bu iş Ismaýilowanyň öz sosial ulgamlarynda azeri howpsuzlyk gulluklarynyň bir oppozisiýa aktiwistiniň jynsy gatnaşyklaryny bikanun wideo alyp, soňy bilen ony beýleki oppozisiýa wekilleri barada maglumat almak üçin ulanandyklary barada ýerleşdiren resminamalary bilen bagly.

4-nji dekabrda Azerbaýjanyň prezident edarasynyň başlygy Ramiz Mehdiýew köpçüligiň öňünde Ismaýilowany dönüklikde aýyplady, şeýle-de Azatlyk Radiosynyň işgärlerini içalyçylykda günäkärledi.

Ismaýilowa özüne edilýän basyşy Azerbaýjan hökümetiniň graždan jemgyýetçiligine garşy alyp barýan kampaniýasynyň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirdi.

Ismaýilowa prezident Ylham Alyýewiň maşgala agzalarynyň alyp barýan telekeçilik işleri barada çap edýän maglumatlary bilen tanalýar diýip, düýbi ABŞ-da ýerleşýän Freedom House guramasy öz beýanatynda belleýär.

Guramanyň regional programmalary boýunça wise-prezidenti Robert Herman şeýle diýdi: “Hadija Ismaýilowa prezident Ylham Alyýewiň we onuň maşgala agzalarynyň parahorlygy barada batyrgaý makalalary ýazyp, azeri hökümetiniň gahar-gazabyna duçar boldy” diýdi.

Oktýabr aýynda azeri resmileri Ismaýilowanyň Pragadaky halkara metbugat ýygnagyna gatnaşmagyna rugsat bermän, ony ýurtdan çykarmadylar.

XS
SM
MD
LG